gysym

gysym
Eliňi ýumanyňda, eliň içinde emele gelýän boşluk.
∙ On rupiýany gysymyna jyňňyrdadyp guýandan soň, serpik ýaňadandan has giňräk açyldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
bir gysymBir gysyma sygar ýaly; inçe.
∙ Bir gysym bedejikleri bolsa-da paýlaşar ekenler. («Türkmen Halk Ertekiler Ýygyndysy»)
∙ Onuň bir gysym topragyny men öz göwremiň bir agzasyna deňeýän. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
∙ Murtlary bir gysym, gözleri ala. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)
∙ Onuň bili bir gysymdy.
bir gysym bolmak
1) Gaty horlanmak, hor görünmek; kiçijik görünmek.
2) Düýrükmek.
∙ Bir gysym bolup, zyrmyrlyp barýan elguşy ýigitleriň ikisiniň-de ünsüni özüne çekdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
gysymyňda saklamakBiriniň erkini öz ygtyýaryňa almak, erk taýdan özüňe garaşly etmek.
∙ Ol meni öňki çykaran gyzlary ýaly gysymynyň içinde saklajak bolýar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Поможем написать курсовую

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»